TAKYK TILSIMATLAR
“Takyk tilsimatlar” Hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylda döredilip, Türkiýe döwletiniň “ESIT Elektronik sistemler” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili we hyzmatdaşy bolup durýar. Şu günki gün “Takyk tilsimatlar” Hojalyk jemgyýeti senagat agram ölçeýji enjamlaryň öňde baryjy öndürijisi bolup durýar. Hojalyk jemgyýetiniň esasy ofisi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşen. Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşiginiň agzasy bolup durýar. Modellerimiziň görnüşi, enjamlaryň ýokary hili, şeýle hem iş tejribämiz hojalyk jemgyýetimize ygtybarly hyzmatdaş adyny we Türkmenistanyň bazarynda kabul edilmegine sebäp boldy. Harytlar agram ölçeýji enjamlaryň diňe dünýädäki tendensiýalaryny göz öňünde tutmak bilen öndürilýär. Şu günki gün “Takyk tilsimatlar” Hojalyk jemgyýeti iň talabalaýyk elektron awtomobil we wagon terezileriň birnäçe görnüşlerini hödürleýär. Terezileriň model görnüşleri müşderileriň isleglerine görä hemişe kämilleşdirilýär. Biziň hojalyk jemgyýetimiziň öndürýän awtomobil we wagon terezileri elýeterli bahaly, ygtybarly, ulanyşda sada, hem-de dünýä standartlaryna laýyk gelýän metrologiki häsiýetnamalydyr. Täze mödeller döredilende, biz dünýäde bar bolan iň soňky tehnologiýalary we ylmy-tehniki üstünlikleri, şeýle hem agram ölçeýji enjamlara hyzmat etmekde, önümçilikde we taýýarlamakda gazanylan tejribeleri göz önünde tutýarys. “Takyk tilsimatlar” Hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri – hil menedžmentini ulgamyny ýokarlandyrmak. Biz häzirki döwür harytlaryň we hyzmatlaryň hiline baha beriş ulgamynyň hemme talaplaryna gabat gelýäris. Öndürilen, taýýar önümiň her haýsysy hil gözegçilik bölümi tarapyndan berk gözegçiligi geçýär. Agram ölçeýji enjamlary öndürmek üçin ulanylýan enjamlar OHSAS we ISO boýunça sertifikatlaşdyrylan, dünýä standartlaryna laýyk gelýär. Önüm TDS we ISO 9001 boýunça sertifikatlaşdyrylýar.
